Rohani täze ylalaşyk çagyryşlaryny sorag astyna aldy
Mundan öň, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp özüniň fransiýaly kärdeşi Emmanuel Makron bilen “täze” ylalaşyga çagyryş edipdiler. Ak Tamda geçirilen gepleşiklerden soň, 2015-nji ýylda Tähranyň ýadro programmasy boýunça gelnen ylalaşygy Eýran bilen täzeden maslahat edip, onda has köp regional meseleleri hem goşmak meýilleriň bardygy mälim edilipdi.
“Näme üçin? Näme sebäpden?” diýip, Rohani telewideniýede bu çagyryşlar dogrusynda eden çykyşynda aýtdy.