Serhetsiz reportýorlar: Media azatlygyny diňe bir diktator režimleri çäklendirmeýär
Düýbi Parižde ýerleşýän guramanyň nobatdaky ýyllyk “Media azatlygynyň indeksi” hasabatynda 180 ýurtdaky medianyň ýagdaýyna syn berilýär.
Hasabatda ABŞ-nyň we käbir Ýewropa ýurtlarynyň orunlarynyň geçen ýylkylara garanyňda aşak düşendigini görse bolýar. Mysal üçin, ABŞ iki orun gaçyp, ol 45-nji ýerde ýerleşdirildi.
“Indi, media azatlygyny diňe Türkiýe ýa Müsür ýaly awtoritar döwletleriň syýasy liderleri çäklendirmeýär” diýip, hasabatda bellenilýär.
Türkmenistan bu hasabatda 180 ýurduň arasynda 178-nji ýerde ýerleşdirildi.