Ozalky gyrgyz premýer-ministri soraga çekildi
Şu aýyň başynda prezidenti Sooronbaý Jeenbekow tarapyndan wezipesinden boşadylan Isakow ýurduň Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komitetinde şaýat hökmünde bir sagada golaý wagt sorag edilendigini mälim etdi. Ol bu barada žurnalistlere maglumat berdi.
Isakow jikme-jik maglumatlary bermän, “ähli zat oňat” diýmek bilen çäklendi.
Isakow we onuň hökümeti parlamentdäki ynamsyzlyk çagyryşyndan soň, 19-njy aprelde häkimiýetden çetleşdirilipdi.