Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Berdimuhamedow uruş weteranlaryna öz adyndan $11 sowgat bermegi tabşyrdy

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 27-nji aprelde 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 73 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna we uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna öz adyndan 200 manat möçberinde pul sowgadyny hem-de gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak baradaky karara gol çekdi.


Türkmen mediasy ýurtda uruş weteranlarynyň hem-de tylda edermenlikli zähmet çekenleriň we gurban bolan Watan goragçylarynyň ýanýoldaşlarynyň uly hormat bilen gurşalyp alnandygyny nygtaýar.  "Döwletimiz olaryň saglygy hem-de ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy barada hemişe alada edýär" diýip, TDH ýazýar.


Emma muňa garamazdan, Türkmenistanda aýatda diri uruş weteranlarynyň we uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlarynyň anyk sany barada metbugatda açyk maglumat berilmeýär.


Şu aralykda Türkmenistanda ABŞ dollarynyň "gara bazardaky" bahasy 18 manada ýetdi. Emma onuň döwlet tarapyndan kesgitlenen kursy 1 dollara 3,5 manat möçberinde saklanyp galýar. 200 manat resmi kursa görä 57 dollar, "gara bazar" kursuna görä 11 dollar çemesindäki pul bolýar.


Geçen ýyl hem uruş weteranlaryna prezidentiň adyndan 200 manat sowgat berlipdi, ol wagt bu serşde dollaryň "gara bazar" nyrhynda 30 dollara golaý pul bolýardy. 




 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *