Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenistanyň Gahrymany, belli opera aýdymçysy Maýa Kulyýewa 97 ýaşynda aradan çykdy

Türkmenistanyň Gahrymany, ozalky SSSR-iň halk artisti, meşhur opera aýdymçysy Maýa Kulyýewa öten agşam hassahanada 97 ýaşynda aradan çykdy.


Ol Aşgabadyň alkymyndaky Buzmeýinde (häzir Abdan), 1920-nji ýylyň maý aýynda doguldy. 


Maýa (Mamajan) Kulyýewa öz ýatlamalarynda uly sungata tarap äden ilkinji ädiminiň 1937-nji ýylda, çeper höwesjeňleriň Aşgabatda geçirilen respublikan gözden geçirilişinden başlanandygyny aýdýardy. 


Şonda onuň ýerine ýetiren “Garybym” atly aýdymy hem diňleýjileriň, hem emin agzalarynyň göwnünden turdy.


Bu üstünlik ýaş aýdymçynyň 1938-nji ýyldan 1941-nji ýyla çenli aralykda Moskwanyň P.I. Çaykowskiý adyndaky döwlet konserwatoriýasynyň Türkmenistan bölüminde okamagyna ýol açýar.


Maýa Kulyýewa okuwyny tamamlap, Türkmenistanyň Opera we balet teatrynda işe başlaýar.


Ol türkmen teatrynyň sahnasynda günbatar operalarynyň rollaryny ilkinji ýerine ýetiriji bolýar.


“Şasenem-Garyp”, “Zöhre-Tahyr” operalarynda döreden rollary we beýleki işleri bilen il içinde uly meşhurlyk gazanan aýdymçy bir topar sylaga mynasyp boldy, baryp 1943-nji ýylda Türkmenistan SSR-niň At gazanan artisti diýen ada eýe boldy. 


Maýa Kulyýewa 2008-nji ýylyň oktýabrynda prezident G. Berdimuhamedowyň permany bilen Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent at berildi.


Meşhur opera aýdymçysy 28-nji aprelde Çoganlyda jaýlandy. 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *