ABŞ Eýranyň ýadro obýektlerinde barlag geçirmegini isleýär
Trampyň ylalaşykdan we Eýranyň ýadro obýektlerini barlamak boýunça ygtyýarlygyndan çekilmeginden birnäçe gün geçensoň, 10-njy maýda administrasiýanyň baş resmileriniň aýtmagyna görä, gözegçiligiň dowam etdirmegini isleýändigini mälim etdi we BMG-niň Eýrandaky barlagçylar toparyny artdyrmak üçin pul berjegini aýtdy.
“ABŞ Halkara atom agentliginiň Eýrandaky barlaglarynyň üpjün edilmegini we onuň doly ygtyýarly bolmagyny goldamagyny dowam etdirer” diýip, ABŞ-nyň Wenada Halkara atom agentligindäki missiýasynyň resmisi aýtdy.
Tähranyň we dünýäniň birnäçe täsirli ýurdunyň arasynda baglaşylan ylalaşyk Eýrany baglaglar üçin islendik ýadro obýektini 24 günüň dowamynda açmaga mejbur edýär. Emma Tramp we onuň orunbasarlary ylalaşykda görkezilen barlaglaryň ýeterlik derejede berk däldigini aýtdylar.