Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Erdogan raýatlary dollarlaryny we ýewrolaryny lira çalyşmaga çagyrdy

Prezident Rejep Taýyp Erdogan türkleri öz tygşytlan dollarlaryny we ýewrolaryny türk lirasyna öwürmäge çagyrdy. Ol munuň ýurduň milli puluny goldamak we, öz sözleri bilen aýdylanda, “daşary ýurt alyş-çalyş dildüwşüklerine” garşy durmak üçin gerekdigini aýdýar. 


“Ýassyklarynyň aşagynda dollary we ýewrosy bolan doganlarym, git we puluňy lira inwestisiýa et. Biz bu dildüwşügiň bilelikde öňüni alarys” diýip, Erdogan 26-njy maýda Erzurum şäherindäki ýygnanyşykda aýtdy.


Prezident bu çykyşyny Türkiýäniň 24-nji iýuna bellenen irki prezident we parlament saýlawlarynyň öňündäki saýlaw ýygnanyşyklarynyň çäginde etdi.


Türkiýäniň milli puly bolan lira geçen aýda dollaryň garşysynda 16% çemesi gymmatyny ýitirdi.


Merkezi bankyň 23-nji maýda görän adatdan daşary çäreleri liranyň gymmatyny belli bir derejede dikeltmäge kömek etdi. 


Türk häkimiýetleri liranyň hümmetini ýitirmegini ady aýdylmadyk daşarky güýçleriň ýurdy gowşatmak üçin gurnan “dildüwşügi” hökmünde düşündirdiler.


"Eger-de maliýe sektory şu hili oýunlary oýnap, biziň maýdarlarymyza we işewürlerimize garşy dursa, siz özüňiziň has köp ýitgi çekjegiňizi biliň” diýip, Erdogan öz ýygnanyşygynda aýtdy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *