Gyrgyzystan: Alnyp gaçylan we öldürilen gyzyň işi boýunça “ofiserler jogapkärçilige çekiler”
Gyrgyzystanda 20 ýaşly bir gyzyň alnyp gaçylmagy we soňy bilen zalymlyk bilen öldürilmegi bilen ilteşikli polisiýa ofiserleri jezalandyrylar. Bu barada Gyrgyzystanyň Içeri işler ministrligi mälim etdi.
Içeri işler ministri Kaşkar Junuşalyýew 27-nji maýda ýüze çykan hadysa bilen baglylykdaky derňewi gönümel öz gözegçiliginde saklaýar. Şol gün, Burulaý Turdaaly gyzy alnyp gaçylandan soň, bu jenaýaty amala aşyran bilen polisiýanyň edarasyna eltilipdi. Ol şol ýerde alyp gaçan tarapyndan pyçaklanyp öldürilipdi.
Resmiler, näbelli bir sebäbä görä, Turdaaly Gyzy bilen ony galyp gaçanyň polisiýanyň edarasynda bir otagda ýeke özleriniň galmagyna rugsadyň berlendigini aýtdylar.
“Şu gün ýa-da ertir içerki derňewiň netijeleri belli bolar. Wezipe borçlaryna biperwaý çemeleşen ofiserler jogapkärçilige çekiler” diýip, içeri işler ministrligiň sözçüsi Azatlyk Radiosyna maglumat berdi.
Gyrgyz prokurorlary gyzyň pyçaklanyp öldürilmegi bilen baglylykda jenaýat işini gozgadylar.
29 ýaşly hüjümçi, gyzy pyçaklanyndan soň, pyçagy özüne hem urupdyr. At we familiýasy aýdyňlaşdyrylmaýan şahsyýet häzir keselhana saklanýar.
Gyzyň atasynyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, hüjümçi Turdaaly Gyzynyň bedeninde onuň we durmuşa çykmaly oglanynyň atlarynyň baş harplaryny pyçak bilen kesipdir.