Meşhur gyjakçy Annageldi Jülgäýew 89 ýaşynda aradan çykdy
Meşhur türkmen gyjakçysy Annageldi Jülgäýew 2-nji iýunda, 89 ýaşynda aradan çykdy.
Annageldi Jülgäýew ussat sazanda, otuzdan gowrak adym-saz döreden kompozitor hem sazandalar toparyna ýolbaşçylyk eden dirižor hökmündeTürkmenistanda uly meşhurlyk gazandy.
Ol saz çalmakdan we saz döretmekden başga, ýaş sazandalaryň halypasy hökmünde hem giňden tanaldy, Türkmen döwlet konserwatoriýasynyň professory boldy.
Annageldi aganyňhalk sazlaryny gyjak arkaly ýekelikde çalyp bilmegi türkmen sungaty üçin täze ugur hasaplanylýar.
Ol meşhur sazanda Pürli Saryýewiň ýegeni bolup, ilkinji saz sapaklaryny öz daýysyndan alýar. Meşhur sary bagşynyň agtygy bolan Annageldi gyjakda ýekelikde saz çalyp başlanda, daýysy we halypasy muny oňlamandyr.
Ýazyjy Hudaýberdi Hallyýewiň ýazmagyna görä, Pürli Saryýew oňa “Ýegen, gyjakda ýekelikde saz çalynýan däldir. Gyjak bir dutaryň ýanyndaky kömekçi saz guraly. Muny ýekelikde çalsaň, beýle bir ýakymy bolmaz” diýipdir.
“Onuň gyjakda çalan sazlary ussatlygyň nusgasy boldy. Şondan soň ýeke gyjakda saz çalmak tejribesi artyp ugrady” diýip, H.Hallyýew 2014-nji ýylda, A.Jülgäýewiň 85 ýaşy dolanda ýazdy.
Annageldi Jülgäýew 3-nji ýiýunda Ahal welaýatynyň Bamy obasynda, ata-babalarynyň jaýlanan gonamçylygynda jaýlandy.