Häkimiýetler Orsýetiň we ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanalaryna barýan adamlary soňra ‘gürrüňdeşlige’ çagyrýar
Daşary ýurtlara ýaşamak üçin göçüp gitmäge isleg bildirýän türkmenistanlylaryň sany ýokary bolmagynda galýar. Türkmen häkimiýetleri Orsýet, Birleşen Ştatlary ýaly ýurtlaryň Aşgabatdaky ilçihanalarynyň binalarynyň gabatlarynda garawullyk edip, ol ýerde dürli meseleler boýunça agzalýan ilçihanalara ýüz tutýan raýatlaryň käbirlerini polisiýa bölümlerini äkidýärler we olar bilen gürrüňdeşlik geçirýärler.