Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Wise-premýer Türkmenistanda jemi içerki önümiň 6,2 prosent artandygyny aýdýar

Türkmenistanyň hökümet başlygynyň orunbasary Goçmyrat Myradow Ministrler kabinetiniň 8-nji iýundaky mejisinde hasabat berip, şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda jemi içerki önümiň 6,2 prosent artandygyny habar berdi.


Wise-premýeriň sözlerine görä, “hasabat döwrüniň makroykdysady görkezijileri halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynyň durnukly ösýändigine şaýatlyk edýär”.


Şeýle-de ol, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň 4,3 göterim artandygyny aýtdy.


Myradow ýurduň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet hakynyň, 2017-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 9 göterim ýokarlanandygyny hem sözüne goşdy.


Emma ol milli manadyň soňky aýlardaky ýagdaýy, dollaryň “gara bazar” kursunyň rekord derejelerde ýokarlanmagy we durmuşyň barha beter gymmatlamagy, ýönekeý raýatlaryň güzeran kynçylyklary barada hiç zat aýtmady.


Ekspertler Türkmenistanyň soňky ýyllarda agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigini, ýurtda işsizligiň we giň ýaýran korrupsiýanyň höküm sürýändigini, raýatlaryň barha kän daşary ýurtlardan iş gözlemäge mejbur bolýandygyny aýdýarlar. 


Birleşen Ştatlaryň Jon Hopkins uniwersitetiniň professory Stiw Henkiniň hasaplamalaryna görä, Türkmenistan häzir ýokary galan inflýasiýanyň derejesi boýunça dünýäde ikinji orunda durýar. 


“Bu ýurt indi giperinflýasiýanyň bosagasynda dur. Türkmenistanyň ýyllyk inflýasiýasynyň derejesi häzir 294 % baryp ýetdi” diýip, Stiw henki 1-nji iýunda öz taýýarlan maglumatyny sosial mediada çap etdi.


Şu aralykda prezident G.Berdimuhamedow ýüzlerçe million dollar bahalary bolan täze desgalaryň, şol sanda Aşgabatda gurulmagy planlaşdyrylýan kaşaň myhmanhanalaryň taslamalay bilen tanyşdy.

 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *