Tramp ABŞ-nyň 7-ler toparynyň jarnamasyny goldamajakdygyny aýdýar
Tramp 9-njy iýunda twitterde Kanadanyň premýer-ministriJustin Trudonuň (Justin Trudeau) “galp beýanatlary’ esasynda, özüniň ABŞ wekillerine jemleýji jarnamany goldamazlyk barada görkezme berendigini habar berdi. Kubekde 7-ler sammitine beýemçilik eden Jastin Trudo bu jarnamanyň G7 toparyna girýän döwletleriň ählisi bilen ylalaşylandygyny aýtdy.
Jarnamada söwda hyzmatdaşlygynyň zerurdygy, Orsýet babatda berk liniýa eýelemelidigi, şeýle-de Eýranyň ýadro programmasyny jylawlamagyň wajypdygy aýdylýar.
“Kanadanyň premýer-ministri Jastin Trudo biziň &-ler toparymyzyň duşuşygy mahalynda örän gowuşgynsyz we ýuwaş boldy hem men gaýdanymdan soň metbugat ýyganygyny gurnap, “ABŞ taryfleri masgaralaýjy” diýdi we özüniň “töwerekden hürseklenmejekdigini” aýtdy. “Örän nädürs we gowşak. Biziň tariflerimiz onuň 270% süýt önümlerine jogap!” diýip, Tramp ýazdy.
"Men ABŞ wekillerine jarnamany goldamazlygy tabşyrdym, sebäbi biz ABŞ bazarlaryna sil bolup alýan awtomobillere tarif goýmaga-da seredýäris” diýip, ol aýtdy.