Türkmenistanyň prezidenti ABŞ bilen gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygyny aýdýar
TDH-nyň maglumatyna görä, Berdimuhamedow amerikan kärdeşine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, onuň “amerikan halkynyň gülläp ösmegine gönükdirilen başlangyçlarynda” üstünlik gazanmagyny arzuw edýär.
Şeýle-de Berdimuhamedow gutlagynda özüniň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny aýdýar.