Moskwada pyýadalaryň üstünden sürlen taksi ýedi adamy ýaralady
16-njy iýunda Moskwanyň merkezinde bir taksi pyýadalaryň üstünden sürende birnäçe adam ýaralandy we olaryň arasynda Orsýetde geçýän Futbol çempionatyna öz milli komandalaryna goldaw bildirmek üçin gelen meksikaly janköýerler-de bar.
Moskwa häkimiýetleri gyrgyz sürüjilik şahadatnamasy bolan sürüjiniň rula erkini ýitirip, taksini Gyzyl ploşşadyň golaýyndaky pyýdalar ýoluna, syýahatçylaryň köp bolýan ýerine gönükdirende azyndan ýedi adamyň ýaralanandygyny aýtdylar.
Bu hadysanyň sosial mediada goýlan wideosy maşynyň durgun ýoldan çykyp, pyýada ýola, ýöräp barýan adamlara tarap bat alşynygörkezýär. Soň ol gyrada duran adamlar özüni tutjak bolanda, maşyndan çykyp gaçýar. Moskwanyň şäher polisiýasy bu hadysanyň “deslapky sebäbini” sürüjiniň awtomobile erk edip bilmezligi bilen düşündirdi.
Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin twitterde sürüji “kontroly ýitirdi” diýdi we we bolan işi “ýakymsyz hadysa” diýip häsiýetlendirdi.
Hadysada ölen adam bolmady, ýedi adam medisina kömegini aldy diýip, polisiýa aýtdy. Moskwa şäheriniň saglyk resmileri medisina kömegini alanlaryň sekiz adam bolandygyny aýdýarlar. Çap edilen wideoda sürüji özüniň maşyny saklajak bolandygyny, emma atdanlykda togtadyja derek gaza basandygyny aýdýar.