Gazak polisiýasy planlaşdyrylan protestden öň žurnalistleri, aktiwistleri soraga çagyrýar
Gazagystanyň günbataryndaky Oral şäherinde 19-njy iýunda “Uralskýa Nedelýa” gezetiniň dört žurnalisti polisiýa edarasyna çagyryldy we media guramasynyň feýsbukda çap eden wideosy barada sorag edildi.
Žurnalistler feýsbukda Žan Baýžan ady bilen hasaba alnan internet ulanyjy bu wideonyň aşagynda gazaklary Gazagystanyň Demokratik saýlawy oppozision hereketiniň 23-nji iýunda planlaşdyrýan ýygnanyşygyna çagyrýan komment çap edeninden çagyryldy.
Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň habarçysy Sanat Orynaliew hem “Uralskaýa Nedelýanyň” neşirçisi, polisiýanyň sorag edişliginden çykyp gelýän Tamara Eslýamowadan interwýu alanyndan soň, polisiýa çagyryldy.
Polisiýa Orynaliewe Gazagystanda ekstremist topar hasaplanylýan guramalar, şol sanda Gazagystanyň demokratik saýlawy bilen işleşmezlik barada duýduryş berdi.
Şondan bir gün öň polisiýa ýerli aktiwistleriň birnäçesini çagyryp, olary GDS bilen işleşmezlige çagyrdy. GDS ozalky energiýa ministri we öňki bankir, prezident Nursoltan Nazarbaýewiň gaçgaklykdaky tankytçysy Muhtar Abliýazow tarapyndan döredildi.