Hameneýi ABŞ-nyň immigrant çagalary ene-atalaryndan aýyrmagyny tankytlaýar
Eýranyň ýokary lideri aýatolla Ali Hameneýi Birleşen Ştatlaryň Meksikadan ABŞ-a bikanun girmäge synanýan immigrant ene-atalary çagalaryndan aýyrmak syýasatyny berk tankyt etdi.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 20-nji iýunda, diňe Hamaneýiniň däl, onlarça dünýä lideriniň we adam hukuklaryny goraýjy toparyň, şol sanda ABŞ-nyň birnäçe ozalky prezidentiniň we birinji hanymlaryň tankydy arasynda, bu syýasaty duruzdy.
"Müňlerçe çagany öz ejelerinden aýyrmak çynlakaý mesele. Akyly ýerindäki adam telewideniýede ol çagalaryň aglaýyşlaryna seredip durup bilmeýär” diýip, Hameneýi kanun çykaryjylaryň öňünde eden çykyşynda we öz webýsaýtynda çap edilen belliklerinde aýtdy.
"Haýsydyr bir syýsaty durmuşa geçirmek bahanasy bilen olar nädip beýle jenaýata baş goşup bilýärler? Bu olaryň hakykatda nähili ýowuzdygyny görkezýär” diýip, ol aýtdy.
Bu syýasat güýje girende, ABŞ-nyň serhet goragçylary tarapyndan 2 müňden gowrak çaga öz ene-atasyndan ýa-da hossaryndan aýryldy.
Bu syýasatyň tarapdarlary onuň adamlary Birleşen Ştatlara bikanun girmäge synanyşmakdan saklamak üçin zerurdygyny aýdýarlar.