Gazak kinoçysy Eýranda 'wiza düzgünlerini bozany' üçin tussag edildi
Konsul Aýtžan Ydyrysuly 22-nji iýunda Azatlyk radiosynyň Gazak gullugyna Beýsekeýewiň 16-njy iýunda iki sany kömekçisi bilen gysga film düşürmek üçin Gürgene gelendigini, emma olaryň bu ýurtda film düşürmek rugsadynyň, ýagny “žurnalizm wizasynyň” ýoklugy sebäpli tussag edilendigini gürrüň berdi.
Ydyrysuly tussag edilen üç gazagystanlynyň saklanýan ýerini anyklamak we olara kanun kömegini bermek üçin tagalla edýändigini aýtdy.
Almatyda ýerleşýän jemgyýetçilik gatnaşyklary hünärmeni Alişer Elikbaýew 22-nji iýunda Beýsekeewiň gürgene ol ýerde ýaşaýan etniki gazaklar hakynda film taýýarlamak üçin gidendigini aýtdy.