ABŞ-nyň milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Moskwa sapar eder
ABŞ-nyň milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Jon Bolton Ýewropa, şeýle-de Russiýa sapar edýär. Moskwada onuň iýulda prezident Donald Tramp bilen prezident Wladimir Putiniň arasynda geçmegine garaşylýan duşuşyga ýol açjakdygyna garaşylýar.
Bolton 25-26-njy iýunda ABŞ-nyň ýaranlary bilen Londonda we Rimde gepleşikleri geçirer. 27-nji iýunda bolsa, ol Moskwa sapar eder.
“Bolton Moskwada Tramp bilen Putiniň arasyndaky bolup biljek duşuşygy maslahatlaşar” diýip, ABŞ resmisiniň sözçüsi mälim etdi.