Meý: Tramp-Putin sammiti NATO-Orsýet konflikt töwekgelligini azaltmak üçin ulanylmaly
Britaniýanyň premýer-ministri Tereza Meý (Theresa May) ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen onuň rus kärdeşi Wladimir Putiniň arasynda boljak sammiti gutlap, onuň NATO bilen Moskwanyň arasyndaky konflikt töwekgelligini peseltmek üçin ulanylmalydygyny aýtdy.
11-nji iýul güni giçlik NATO liderleriniň agşam naharynda, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen ýewropa liderleriniň arasyndaky gapma-garşylykdan soň, Meý Trampyň Putin bilen 16-njy iýulda boljak duşuşygyna optimistik baha berdi.
“Men prezident Trampyň prezident Putin bilen boljak duşuşygyny gutlaýaryn: ABŞ bilen Orsýetiň arasyndaky aragatnaşyk kanallaryny açmak gapma-garşylyk töwekelliklerini jylawlamagyň esasy açary bolup durýar” diýip, ol aýtdy.