Türkmenistan Eýrana ynsanperwer kömegini iberdi
23-nji iýulda Türkmenistanyň ynsanperwer kömegini alyp baran uçary Eýran Yslam respublikasynyň ýer titremä duçar bolan Kermanşah şäherine bardy diýlip media maglumatlarynda habar berilýär.
Aýdylyşyna görä, ýer titremede ejir çekenler üçin niýetlenýän ýük Eýranyň Gyzyl ýarymaý jemgyýetine gowşurylypdyr.
Eýranyň mediasynyň habar bemegine görä, 22-nji iýulda Eýranyň günbataryny sarsdyran 5.9 magnitudaly sarsgyn zerarly 150 çemesi adam ýaralanypdy, birnäçe sagatdan soň iki sany ýer sarsgyny Hormozgan welaýatyna zarba urup, birnäçe binany ýumrupdy.
Eýranyň Kermanşah welaýaty seýsmiki aktiw zonada ýerleşýär. Bu regionda noýabr aýynda bolan 7.3 magnitudaly ýer titremede azyndan 620 adam wepat boldy we müňlerçe adam ýaralandy.