Soçi: Orsýet, Eýran we Türkiýe Siriýany maslahat edýärler
Siriýada parahatçylyk ugrunda yzygiderli Gazagystanda geçirilen gepleşikleriň howandarlary Orsýet, Eýran we Türkiýe 30-31-nji iýulda Orsýetiň Gara deňziň boýundaky Soçi şäherinde duşuşýarlar.
Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň 29-njy iýulda habar bermegine görä, gatnaşyjylar Siriýanyň konstitusion komitetiniň döredilmegi, Siriýada döredilen konfliktsiz zonalar bilen bagly meseleleri we gumanitar temalary ara alyp maslahat ederler.
Orsýetiň döwlet tarapyndan döredilen TASS täzelikler agentligi orsýet delegasiýasyna Orsýetiň Siriýa boýunça gepleşik alyp barýan baş wekili Aleksandr Lawrentiewyň baştutanlyk edýändigini habar berdi.
Soçidäki duşuşyga Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary Hossein Ansari we onuň türkiýeli kärdeşi Sedat Onal gatnaşýar. BMG-niň Siriýa boýunça ýörite wekili Staffan de Misturanyň we Iordaniýanyň wekilleriniň ýu gepleşiklere gözegçi hökmünde gatnaşýandygyny TASS agentligi habar berdi.
Habar agentligi ABŞ-nyň resmileriniň gepleşiklere gatnaşmakdan saklanandygyny habar berdi.
Siriýadaky konfliktde dürli taraplary eýeleýän Türkiýe, Orsýet we Eýran tarapyndan geçen ýylda Gazagystanyň paýtagty Astanada başlanan gepleşikler prosesi esasan ok atyşygy bes etmek ýaly harby meselelere gönükdirilýär.
BMG-niň baştutanlygynda Ženewada geçirilýän aýra gepleşiklerde syýasy meseleler maslahat edilýär.