Täjigistan daşary ýurtly welosopedçilere edilen hüjümi gadagan edilen partiýadan görýär
Täjik hökümeti Täjigistanyň Yslamçy täzeden döreýiş partiýasyny dört sany daşary ýurtly welosipedçiniň öldürilmeginiň arkasynda bolmakda aýyplady we bu gurama Duşenbäniň aýdanlaryny derhel ret etdi.
Yslamçy täzeden döreýiş partiýasynyň ýolbaşçylary 31-nji iýulda bu aýdylýanlary “esassyz we ýerliksiz” diýip atlandyrdylar, “Yslam döwleti” topary bolsa, hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alyp, hüjümçiler diýilýänleriň ekstremist gurama wepalylyk kasamyny içýän wideolaryny çap etdi.
29-njy iýulda gyrak-bujakdaky dag ýolunda daşary ýurtly žurnalistlere edilen hüjüm Merkezi Aziýadaky öňki sowet respublikalarynyň iň garyp ýurdy bolan Täjigistana ünsi çekdi.
Içeri işler ministrligi 31-nji iýulda beýanat çap edip, bu hüjümçileriň öňüni Täjigistanyň Yslamçy gaýtadan döreýiş partiýasynyň “aktiw agzasynyň” çekendigini aýtdy.
Diýilýän lideriň 33 ýaşyndaky Hussein Abdusamadowdygy, onuň Eýranda gizlin tälim alandygy aýdylýar.
Ministrlik bu netijä güman edilip tussag edilen adamyň boýun almalary esasynda gelnendigini aýdýar.