Afrikada öldürilen rus žurnalistleriniň jesetleri Moskwa getirildi
Merkezi Afrika Respublikasynda (MAR) öldürilen üç rus žurnalistiniň jesetleri Fransiýanyň howa ýollarynyň uçary arkaly Parižden Moskwa getirildi.
“The FlightAware” websaýty uçaryň 5-nji awgustda, ýarygijeden biraz soň Moskwanyň Şeremetýewo aeroportunda gonandygyny habar berdi.
Fransuz howa ýollarynyň uçary merhumlaryň jesetlerini afikan topragyndaky Bangi şäherinden alyp gaýtdy.
Pidalaryň biriniň dosty Maksim Şewçenko döwlet eýeçiligindäki TASS habar gullugyna jesetleriň ilki morga (meýithana) eltilip, maşgalalaryna gowşurylmazyndan öň derňewçiler tarapyndanbarlanyljakdygyny aýtdy.
Olara aýdylmagyna görä, Orsýetiň Derňew komitetine barlag geçirmek üçin iki gün gerek bolar.
BMG-niň MAR-daky parahatçylyk missiýasy ýerli häkimiýetlere bu ýurda harbylaşdyrylan rus topary barada dokumental film taýýarlamaga gelen žurnalistleriň öldürilişini derňemäge kömekleşýär.