Orsýet Gürjüstan NATO goşulsa 'aýylganç' konflikt döredip biljegini duýdurdy
Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew Orsýetiň we Gürjüstanyň arasynda bolan gysga urşuň 10-njy ýyl dönüminde eden çykyşynda Tbilisiniň NATO goşulan ýagdaýynda munuň “aýylganç” konflikte getirip biljegini aýdyp, duýduryş bilen çykyş etdi.
Medwedew 6-njy awgustda "Kommersant FM" radiostansiýasyna beren interwýusynda NATO-nyň Gürjüstana agza bolmagy teklip etmeginiň “umuman jogapkärçiliksizdigini” we “parahatçylyga wehim salýandygyny” aýtdy.
Geçen aýda NATO-nyň sekretary Jens Stoltenberg Brusseldäki maslahatda eden çykyşynda Gürjüstanyň NATO agza bolmagyna ýardam beriljegini ýene ýatlatdy, emma takyk bir wagty agzamady.
2008-nji ýylyň 7-nji awgustyndan 8-ne geçen gejesi Tbilisi Günorta Osetiýa regionyny orsýetçi separatistleriň gözegçiliginden gaýdyp almak üçin öz goşunlaryny iberdi.
Şol bir wagtyň özünde-de, Günorta Osetiýa Orsýetiň Demirgazyk Osetiýa regionyndan goşmaça güýçler girdi. Gürjüstanyň güýçleri birnäçe günüň dowamynda ýeňildi. Fransiýanyň prezidenti Nikolas Sarkoziniň araçylygynda parahatçylyk ylalaşygy baglaşyldy.