Prezident Berdimuhamedow Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimlerine ‘käýinç’ yglan etdi
6-njy awgustda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň, hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibinde üç meselä, ýagny “regionlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek”, “möwsümleýin oba hojalyk işleri”, hem-de üstümizdäki “baýramçylyklara görülýän taýýarlyklar” barada gürrüň edilipdir. Maslahatyň dowamynda prezident Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlaryň häkimleriniň dördüsine birden käýinç yglan etdi. Bu barada Türkmenistanyň döwlet habarlar gullugy (TDH) maglumat berýär.