Owganystanyň Gazni şäheriniň üstünde gyzgyn söweş barýar
Owganystanyň günortasyndaky Gazni şäheriniň üstünde barýan söweş “Talyban” söweşijileri bilen hökümet güýçleriniň arasyndaky çaknyşyklaryň ýygjamlaşmagy bilen, 12-nji awgustda üçünji gününe girdi.
Gazni welaýatynyň paýtagty Gazni Owganystanyň esasy uly şäherleri bolan Kabul bilen Kandaharyň arasyndaky uly ýolda ýerleşýär.
Weleýat geňeşiniň agzasy Nasir Ahmad Fakiri täze söweşiň 12-nji awgust güni irden, polisiýa we aňtaw gullugy edaralarynyň, şeýle-de gubernatoryň köşgüniň golaýynda tutaşandygyny aýtdy.
"Diňe polisiýanyň edarasy, gubernatoryň ofisi we birnäçe departamennt ofgan güýçleriniň kontrolynda” diýip, welaýat geňeşiniň başlygynyň orunbasary Amanullah Kamrani aýtdy. “Galan ýerler “Talybanyň” golunyň astynda” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
AFP-niň habarçysy wakanyň bolýan ýerinden “Talyban” söweşijileriniň şäheriň daşyny gabamagy dowam etdirýändiklerini, hökümet edaralaryna ot berýändiklerini we polisiýa barlag nokatlarynyň bir toparyny ele geçirendiklerini habar berdi.
Owganystanyň goşun başlygy Mohammad Şarif Ýaftali harbylaryň esasy hökümet edaralaryny kontrollykda saklaýandyklaryny we “Talabyna” garşy arassalaýyş operasiýasynyň dowam etdirilýändigini aýtdy.