Rumyniýada hökümete garşy protestler dowam edýär
Rumyniýada müňlerçe adam eýýäm üçünji gije korrupsiýa garşy protestleri geçirip, hökümetiň çekilmegini talap edýärler.
Ýekşenbe güni giçlik paýtagt Buharestde protestçiler Rumynyýanyň, NATO-nyň we Ýewropa Bileleşiginiň baýdaklaryny galgatdylar.
Demonstrantlar häkimiýet başyndaky Sosial Demokratik Partiýany “gyzyl mergi” atlandyryp, onuň çekilmegini talap etdiler.
Mundan iki gün öň, polisiýa demonstrantlara garşy göz ýaşardyjy gazy we suw toplaryny atandan soň, protestler gazaplylyga ýazypdy. Protestçileriň käbiri polisiýa daş we çüýşe böleklerini zyňdylar. Çaknyşyklarda 500 adamyň ýaralanandygy aýdylypdy.
Polisiýa aşa güýç ulanandygy baradaky maglumatlary ret etdi.
Anna güni giçlik Buharestde geçirilen protestlere 30 müňden-80 müňe çenli demonstrantyň, ýurduň beýleki şäherlerinde geçirilen ýörişlere hem 10 müňlerçe demonstrantyň gatnaşandygy maglumat berilýär.
Ýekşenbe güni geçirilen protestlere, ozalky iki gije bilen deňeşdirilende, az adamyň gatnaşandygy aýdylýar.