Merkel bilen Putin Ukraina, Siriýa, Eýran we geçiriji taslamasy barada pikir alyşdy
Kreml german kansleri Angela Merkel bilen rus prezidenti Wladimir Putiniň Berliniň eteginde bolan üç sagatlyk duşuşyk döwründe “örän çynlakaý we jikme-jik” gürrüň edendiklerini, şol sanda Ukraina, Siriýa, Eýran we diýseň wajyp geçiriji taslamasy barada pikir alşandyklaryny aýdýar.
Kremliň sözçüsi Dmitriý Peskowyň 19-njy awgust güni irden žurnalistlere aýdan bu sözleri iki lider Berliniň demirgazygyndaky Meseberg köşgünde duşuşandan soň berlen ilkinji düşündiriş bolup durýar.
Resmiler bu duşuşykdan soň metbugat ýygnagynyň bolmajakdygyny aýtdylar, bada-bat başga resmi beýanat hem edilmedi.
Peskow öz düşündirişinde Merkel bilen Putiniň Ukrainadaky ýagdaý barada “umumy pikir alyşmasynyň” bolandygyny, şeýle-de liderleriň Minsk şertnamasy diýilýäniň durmuşa geçirilmeginiň doňup galmagyna gynanç bildirendiklerini aýtdy.