Rus aktiwisti keselhanada açlyk çekmegini dowam etdirýär
Russiýada tussaglykda saklanýan oppozisiýadaky Çepçi Front hereketiniň lideri Sergeý Udaltsow, ýagdaýynyň ýaramazlaşandygy sebäpli keselhana ýerleşdirilenden hem soň, açlyk çekmegini dowam etdirýär.
Onuň aýaly Anastasiýa Udaltsowa adamsynyň suwdan we islendik iýmitden ýüz öwürýändigini; şeýle-de, “onuň bedeninde zerur bolan serişdeleriň gan damarlarynyň üsti bilen berilýändigini” aýtdy.
Udaltsow 14-nji awgustda ýurtda pensiýa ýaşynyň artdyrylmagyna garşy protest hökmünde açlyga başlapdy. Şol bir wagtda, Moskwanyň sudy Udaltsowy jemgyýetçilik ýerlerinde ýygnanmak düzgünlerini yzygiderli bozmakda günäli tapyp, ony 30 gün türme tussaglygyna höküm edipdi.
Rus häkimiýetleri erkekleriň pensiýa çykmak ýaşyny 2028-nji ýyla çenli 60-dan 65-e, aýallaryňkyny hem 2034-nji ýyla çenli 55-den 63-e çenli çykarmagy planlaşdyrýarlar.
Udaltsow Moskwada bu planlara garşy birnäçe ýörişleri hem gurnapdy.