Paşiniýan Moskwa sapar etjekdigini aýtdy
Facebook arkaly göni ýaýlymda ýaşaýjylaryň soraglaryna jogap beren Paşiniýan özüniň Moskwa sapar etjekdigini we rus prezidenti Wladimir Putin bilen gepleşikleri geçirjekdigini hem mälim etdi. Ol saparyň anyk senesi barada maglumat bermän, diňe onuň ýakynda amala aşjakdygyny aýtdy.
Ol: “Bu biziň üçünji duşuşygymyz bolar... biz gatnaşyklarymyzyň gün tertibine gararys we bar bolan meselelere çözgüt taparys” diýdi.