Özbek aýyplanýany Trampyň twitlerine salgylanyp, ölüm jezasynyň berilmezligini soraýar
Saýipowyň aklawçylary Tramyň oňa ölüm jezasynyň berilmegine çagyrandygyny, şol sebäpli prokurorlaryň berilmeli jezany soranlarynda obýektiw bolup bilmejekdiklerini öňe sürdüler.
Tramp 1-nji noýabrda özüniň Twitter hasabynda: “Nýu-Ýork terroristi öz hassahana otagynda [“Yslam döwleti” toparynyň] baýdagynyň asylmagyny soranynda özüni gaty bagtly duýýardy. Ol sekiz adamy öldürdi, 12-sini hem agyr ýaralady. ÖLÜM JEZASY BERILMELI!” diýen ýazgy galdyrdy.
Tramp soňky twitlerinde Saýipowy “azgyn haýwan” hem diýip atlandyrdy.