Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Berdimuhamedow ähli pudak ösýär diýip, esasy ugurlaryň ýolbaşçylaryna käýinç yglan etdi

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni nobatdaky hökümet maslahatyny geçirip, ykdysadyýetiň tas ähli pudagynda sekiz aýda bellenen tabşyryklaryň üstünlikli ýerine ýetirilendigini, jemi içerki önümiň ösüş depgininiň ýokary bolmagynda galýandygyny aýtdy.


"Makroykdysady görkezijilere laýyklykda, jemi içerki önüm 6,2 göterim artdy" diýip, TDH degişli resmileriň hasabatlarynda getirilen sanlara salgylanyp habar berýär. 


Şol bir wagtda prezident ýurduň esasy girdeji getirmeli ugurlarynyň resmileriniň birnäçesine käýinç yglan etdi, goýberilen kemçilikleri gysga wagtda düzetmegi sorady we hatda nobatdaky kadr çalşygyny hem geçirdi. 


Hususan-da, işde goýberen kemçilikleri üçin, "Daýhanbank" döwlet täjirçilik bankynyň başlygy Polat Allagulyýew wezipesinden boşadyldy. Bu wezipe wagtlaýyn ozal şu bankyň başlygynyň orunbasary bolup işlän Şamuhammet Nepesowa ynanyldy.


TDH döwlet baştutanynyň nebit-gaz ulgamynyň işindäki kemçilikler hakynda gürrüň edendigini habar berýär, emma bu diýilýän kemçilikler o diýen anyklaşdyrylmaýar.


Şol bir wagtda-da Berdimuhamedow nebit-gaz pudagyna jogap berýän wise-premýer Myratgeldi Meredowa, döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Myrat Arçaýewe, “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy Döwletdurdy Hajyýewe, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, döwlet tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin diýip, berk käýinç yglan etdi.


Habarda aýdylmagyna görä, prezident bu pudakda amala aşyrylýan özgertmeleri işjeňleşdirmegi, "ýangyç-energetika toplumynyň netijeli işlemegini ýola goýmak boýunça gysga möhletde anyk çäreleri görmegi berk talap edýär". 


 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *