Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Sankt Peterburgda türkmen raýatlarynyň öz watandaşyny ogurlamagy derňelýär

Sankt Peterburgyň Derňew edaralary Türkmenistanyň üç raýatynyň öz watandaşyny ogurlamagyna degişli işi derňeýärler. Bu barada 6-njy sentýabrda Orsýetiň Sankt Peterburg boýunça Derňew komiteti habar berdi. 


Читайте также на русском

Derňewçileriň Orsýetiň Federal derňew komitetiniň Sankt Peterburg we Leningrad regionlary boýunça edarasynyň işgärleri bilen bilelikde geçirilen gözleg işleriniň netijesinde daşary ýurduň üç raýaty tussag edildi diýlip, resmi maglumatda aýdylýar. 


Adamy ogurlamakda güman edilip saklanan üç adamyň Türkmenistanyň raýatlarydygyny Sankt Peterburgyň Derňew komitetinde Azatlyk Radiosyna tassykladylar, emma olaryň haçan tussag edilendigini we beýleki jikme-jikleri bermediler. Derňew komitetiniň Sankt Peterburg boýunça ýolbaşçysynyň habar serişdeleri bilen gatnaşyklara jogapkär orunbasary Sergeý Kapitonow saklanan adamlaryň öz watandaşyny ogurlamagynyň sebäbiniň "nebisjeňlik" bilen bagly bolandygyny aýtdy.       




Derňewiň anyklamagyna görä, adamy ogurlamakda güman edilýänler 2018-nji ýylyň 11-nji aprelinde gündiz "Ulisa Dybenko" atly metro stansiýasynda 33 ýaşly watandaşy we onuň ýakynlary babatynda zorluk görkezmek haýbatyny atyp, ony anyklanmadyk awtoulagyna münmäge mejbur edipdirler, yzýany ony Podwoýskogo köçesinde ýerleşýän jaýlaryň birine eltip, 20 müň amerikan dollaryny talap edip, rehimsiz urupdyrlar         


Resmi maglumata görä, zulumkeşleriň ünsüni gowşatmagyndan peýdalanyp, ejir çeken adam jaýyň aýnasyndan çykyp, gaçmagy başarypdyr we jenaýatçylyk barada arz bilen kanun goraýjy edalaryna ýüz tutupdyr. 


Sankt Peterburgyň "Newa-segodnýa" neşri wakanyň käbir jikme-jiklerini berýär. Maglumata görä, gaçakçylar 20 müň amerikan dollaryny talap etmek bilen öz pidasyny urup başlapdyr. "Pida öz zulumkeşlerinden täsinlik bilen gutulmagy başardy. Migrant dördünji gatdaky jaýyň aýnasyndan böküp çykdy, şikes aldy, emma polisiýa aşmagy başardy" diýip, "Newa Segodnýa" habar berýär. 


"Fontanka" neşri "çykgynsyz ýagdaýa düşen daşary ýurtlynyň dördünji gatyň aýnasyndan çykyp, karnizdan aşak sallanandygyny habar berdi. "Bir gat aşakdaky jaýyň öý eýesi onuň haýyşyna gulak asyp, ony içeri salypdyr. Halas ediş operasiýa dowam edýärkä, güman edilýän göwne degijiler awtoulagly gitdiler. Ejir çeken adam olary tanamaýandygyny aýtdy. "Ýaramaz" öýüň eýesi jaýyny studentlere tabşyrandygyny habar berdi" diýip, "Fontanka" aýtdy. 


Sankt Peterburgyň derňew organlary Orsýetiň Jenaýat kodeksiniň adam ogurlygy baradaky 126-njy maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan jenaýatçylygyň alamatlary boýunça jenaýat işini gozgadylar, güman edilýänleri tussag etmek we olara aýyplama ýöňkemek göz öňünde tutulýar diýlip, Derňew komitetiniň resmi maglumatynda aýdylýar. Derňewler dowam etdirilýär.         


Bu Türkmenistanyň raýatlarynyň gatnaşmagynda soňky döwürde ýüze çykan jenaýatçylykly wakalaryň diňe biridir.


2018-nji ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň raýatlarynyň birnäçe ýurtda, şol sanda Orsýetde, Belarusda we Türkiýede tussag edilmegi bilen bagly ýagdaýlaryň onlarçasy köpçülige mälim boldy. Bu ýurtlaryň derňew edaralarynyň we habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, türkmen raýatlaryna adam öldürmek, ogurlyk, hilegärlik we talaňçylyk etmek ýaly jenaýatçylyklar boýunça aýyplamalar ýöňkeldi.




Türkmenistanyň raýatlarynyň öz watandaşlarynyň jenaýatçylykly hereketleriniň pidasy bolmagy seýrek däl. 


Üç hepdä golaý wagt mundan ozal Türkiýäniň media serişdeleri Stambulda türkmenistanly zenany öldüren adamyň tussag edilendigini habar berdiler. 


Mundan öň Türkiýäniň mediasy Stambulda öz watandaşlaryny talamak bilen meşgullanýan, olaryň pullaryny we dokumentlerini elinden alýan ýaragly toparyň ele salnandygyny habar berdiler.   


Türkmenistanyň media serişdeleri ýurduň raýatlarynyň başga döwletleriň territoriýasynda baş goşýan jenaýatçlyklary barada habar bermeýärler. Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary bu meselede Azatlyk Radiosyna resmi kommentariý bermekden ençeme gezek ýüz öwürdiler. 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *