Rus aktrisasy Kudrýaşowa Wenesiýa Film festiwalynda ýeňiji boldy
“Biz bu ýere çylşyrymly film alyp geldik” diýip, 39 ýaşyndaky aktrisa baýrak alanyndan soň aýtdy. “Bize Orsýetde batyrgaý filmleri döretmek kyn düşýär, emma meniňçe, biz indibu işi başlan ýaly görünýäris we ol dowam eder diýen umydym bar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Bu filme Natalia Merkulowa bilen Alekseý Çupow direktorlyk etdi, onda jynsy kimligini çalşan we bejerip bolmajak keselli adamyň durmuş ugrundaky göreşi, erkekden aýala öwrülip, ölümi aldamaga synanyşygy beýan edilýär.
Bu film Orsýetiň Medeniýet ministrligi tarapyndan goldanyldy we Estoniýa bilenFransiýadan maliýe goldawlaryny aldy.
Meksikaly kinorejissýor Alfonso Kuaron “Roma” filmi üçin iň ýokary – “Altyn Arslan” baýragyna mynasyp boldy. Bu filmde 1971-nji ýylda Meksika şäherinde orta gatlakdaky maşgalanyň hyzmatkäri bolup işlän ýerli aýal barada gürrüň berilýär.