Moskwada Nemtsowyň hatyrasyny tutujylara hüjüm edildi
SERB milletçi toparynyň aktiwistleri ýadygärligiň ýanynda Grigoriý Samsonowyň ýüzüne burç suwuklygyny pürkdüler, Pawel Kolesnikowyň elinde tutup duran kamerasyna zeper ýetirdiler.
Şeýle-de olar oppozisioneriň hatyrasyna goýlan gülleri, Boris Nemtsowyň portretini ogurlap gaçdylar.
Meýletinçileriň jaň edip habar bermeklerine garamazdan, polisiýa gelmedi.
Tanymal oppozisioner bolan Nemtsow prezident Wladimir Putiniň berk tankytçysydy we 2015-nji ýylyň 27-nji fewralynda Kreml köprüsiniň alkymynda atylyp öldürildi.
Häkimiýetler oňa ýadygärlik dikmekden boýun gaçyrdylar, meýletinçiler syýasatçynyň öldürilen ýeriniň golaýynda wagtlaýyn ýadygärlik dikeltdiler we ony gorap saklaýarlar.