Idlib welaýatynda hökümet hüjümine garşy müňlerçe adam proteste çykdy
7-nji sentýabrdaky protestler Orsýetiň we Eýranyň liderleriniň arasynda bolan duşuşygyň yz ýanyna gabat geldi, bu iki ýurduň ýolbaşçylary özleriniň Assadyň ýurtdaky pitneçileriň iň soňky saklanan ýerine hem kontrollygy ele geçirmek planlaryny goldaýandyklaryny aýdýarlar.
Türkiýäniň lideri beýle hüjümiň uly adam zaýaçylygyna we asuda adamlaryň ýaşaýan ýerinden bosmagyna getirmek ähtimallygyny duýdurdy.
Duşuşykda türk prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň Idlibde ýaraşyk baglaşmak barada eden teklibi hakynda ylalaşyga gelinmedi. Bu ýagdaý Assadyň welaýaty yzyna almak kampaniýalaryny dowam etdirmegine ýol açýar.