Türkmenistanyň prezidenti özüniň ABŞ-a etjek iş sapary baradaky buýruga gol çekdi
Döwlet baştutany anna güni geçiren hökümet maslahatynyň dowamynda öz baştutanlygyndaky hökümet wekiliýetiniň agzalarynyň we ýanynda bolýan adamlaryň sanawyny tassyklady.
Neşiriň maglumatyna görä, saparyň çäklerinde Türkmen-amerikan işewürler geňeşi görnüşinde duşuşyk guramak nazarda tutulýar.
ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýyllyk adam hukuklary hasabatlarynda Türkmenistan ýylyň-ýylyna adam hukuklaryny gödek bozmakda tankyt edilýär.