Mattis Makedoniýada geçmeli referendumda Russiýanyň ‘täsir kampaniýasy’ barada duýdurdy
“Olaryň maliýe serişdelerini geçirendigine, şeýle-de täsir ýetirmek üçin has giň gerim kampaniýalary ulanýandygyna hiç hili şübhe ýok” diýip, Mattis öz bilen birlikde Skopýa sapar edýän žurnalistlere gürrüň berdi.
Ol Moskwanyň referenduma täsir ýetirmek tagallalarynyň nä derejede üstünlikli bolandygynyň anyk däldigini hem belledi.
30-njy sentýabrda geçmeli referenduma balkan döwletiniň adyny Demirgazyk Makedoniýa üýtgetmek boýunça ses berilişik geçiriler.