Eýran korrupsiýada aýyplanan üç adamy ölüme höküm etdi
Eýranda maliýe jenaýat işlerini seljerýän sud üç adamy ölüm jezasyna höküm etdi.
Sud wekiliniň maglumatyna görä, gürrüňi gidýän aýyplanýanlar “Ýer ýüzünde parahorlygy ýaýratmakda” günäli tapylypdyrlar.
Mundanam başga, maliýe jenaýatlarynda aýyplanyp 32 adam 20 ýyla çenli türme tussaglygyna höküm edilipdir.
Geçen aý Eýranda, “ýurduň ykdysadyýetini çökerýänlere we parahorlygy ýaýradýanlara garşy göreşmek” diýen kesgitleme bilen, Yslam rewolýusiýa sakçylarynyň ýörite kazyýetleri döredilipdi.
Maý aýynda ABŞ Ýadro ylalaşygyndan çekilip, Tährana garşy sanksiýalaryny ýaňadandan girizipdi.
Häzir Eýran agyr ykdysady kynçylyklary başdan geçirip, onuň milli pul birligi rial hem rekord derejede pese gaçdy.
Şeýle-de, eýranlylar ýurtdaky korrupsiýa garşy nägileliklerini bildirdiler.