Pakistan ABŞ-ny harby kömegi dikeltmäge, Owganystan babatda hyzmatdaşlyga çagyrýar
Şah Mehmood Kureşi Waşingtona 3-nji oktýabrda, Pakistanyň täze premýer-ministri Imran Hanyň Owganystan babatdaky strategiýasyny düşündirmäge bardy.
Ozalky kriket ýyldyzy, harby çäre görmäge derek, uzak wagt bäri “Talyban” we beýleki yslamçy jeňçiler bilen gepleşik geçirmegiwagyz edýär.
Waşington $300 million harby kömegi keseninden soň, Kureşi ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeonyň Pakistany “diňlemäge taýýardygyny” we özüniň Yslamabada ozalkylara garanda has umytly dolanýandygyny, ýagny gatnaşyklaryň gowulanjagyna we fondlaryň dikeldiljegine bil baglaýandygyny