Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Çeşme: Türkmenistan täjik ýük ulaglarynyň geçmegine "bor" diýdi

Täjigistanly telekeçiler üçin ýük daşaýan eýranly ulag sürüjileriň biriniň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň serhetçileri we gümrükçileri Täjigistana barýan ýük ulaglarynyň türkmen territoriýasyndan geçmegine "rugsat" alandygyny aýdypdyr.


Eýran-türkmen serhedinde içi harytly iki sany ýük ulagyny geçirip bilmedik bir täjik telekeçisi rugsadyň bir sagat çemesi ozal berlendigini we ilkinji iki sany ulagyň serhetden geçendigini Azatlyk Radiosyna habar berdi. Onuň sözlerine görä, ulag sürüjiler çykgynsyz ýagdaýda Täjigistana alternatiw ýoldan Azerbaýjanyň üsti bilen gitmek üçin zerur dokumentleri taýýarlamakçy bolupdyr.


Munuň bilen bir wagtda Täjigistanyň Transport ministrliginde bu ýagdaý barada gysga wagtda kommentirlemegi Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna wada berdiler.


Täjik ýük ulaglarynyň türkmen territoriýasyndan geçmegine degişli gadagançylyk awgust aýynyň aýagyndan bäri saklandy. Bu ýagdaý barada Azatlyga 2-nji sentýabrda serhetden geçip bilmedik ulag sürüjileri habar beripdi. Olar türkmen serhetçileriniň bu gadagançylygyň sebäplerini düşündirmändigini bellediler. 


Diňe bir Lýutfabad-Artyk serhet geçelgesinde 100 çemesi ýük ulagy saklanypdy. Olar esasan Türkiýeden we Eýrandan haryt daşaýarlar.  


BU MAGLUMATYŇ ÜSTI ÝETIRLER .


EGER SIZ TÄJIK ÝÜK ULAGLARYNYŇ TÜRKMENISTANYŇ GIŇIŞLIGINDEN GEÇIŞINE ŞAÝAT BOLSAŇYZ, BIZ BILEN HABARLAŞMAGYŇYZY HAÝYŞ EDÝÄRIS. BIZ BILEN WAÝBER, WATSAPP, IMO ÝA-DA TELEGRAM ÜSTI BILEN ŞU NOMER BOÝUNÇA HABARLAŞYŇ: +420 724 053 959

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *