Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Daşoguzda ýene-de duzly tozan döredi

Daşoguzda ýene-de duzly tozan döredi

Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky habarçysynyň habar bermegine görä, anna güni başlanan duz tozanly ýel welaýatyň Türkmenbaşy, Ruhybelent we Akdepe etraplarynda has güýçli duýulýar.   

"Daşoguzda apy-tupan başlady. Bu sapar hem duzly tozan we güýçli ýel turýar. Daşoguzda onuň bu sapar hem uzak dowam etjegine meňzeýär" diýip, Azatlygyň Daşoguzdaky habarçysy aýtdy. 

Aral deňzi tarapyndan öwüsýän güýçli şemal soňky ýarym ýylyň dowamynda Daşoguza we Lebapa häli-şindi duzly jisimleri getirýär. 

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky söhbetdeşleri apy-tupanyň günbatar-demirgazykdan Aral deňzi tarapynda turýandygyny aýdyp, duzly tozan gurap barýan Aral deňzinden gelýär diýip, hasap edýärler.

​Bu duzly tozanyň gelip çykyşyna we onuň döremeginiň sebäplerine Türkmenistan tarapyndan henize çenli resmi düşündiriş bolmady.

Türkmenistanyň häkimiýetleri baharyň aýagyndan bäri yzly-yzyna ýüze çykýan adaty bolmadyk bu tebigy ýagdaýy açyk agzamaýarlar, resmi habar beriş serişdelerinde habar bermeýärler. 

Şol bir wagtda-da, Türkmenistan Aral deňzini halas etmek meselesini ileri tutýan wajyp halkara meselesidigini aýdýar we halkara jemgyýetçiligine täze inisiatiwalaryny hödürleýär.

Türkmenistanyň prezidenti ýaňy-ýakynda BMG-niň Baş assambleýasynda eden çykyşynda Aral deňzini gorap saklamagyň indi içerki regional problema hasaplanyp bilmejegini aýratyn belledi we döwletleri Aral deňzini gorap saklamak boýunça BMG-niň programmasyny döretmek baradaky öz başlangyçlaryny goldamaga çagyrdy.

"Biz Türkmenistanyň Aral deňzi boýunça ýörite BMG programmasyny işläp düzmek baradaky inisiatiwasyny durmuşa geçirmäge hem-de Aral problemasyny Guramanyň işiniň aýratyn alnan bölegi hökmünde çözmäge girişdik. Men BMG-niň agza döwletlerini bu başlangyjy goldamaga çagyrýaryn” diýip, habar agentlikleri 30-njy sentýabrda türkmen prezidentini sitirledi.

Türkmenistanda ilkinji gezek duzly tupan 27-nji maýda dörapdi. Daşoguzda we Lebapda turan duzly ýel her sekuntda 20 metr tizlige ýetdi we bir günden – 28-nji maýda Aşgabada baryp ýetipdi. Duzly tupan Daşoguzda 18-nji iýulda ýene gaýtalandy. 

Türkmenistanda ýüze çykýan tebigy hadysalar ýurt resmileri tarapyndan açyk agzalmaýar, milli habar beriş serişdeleri meseläni gozgamaýar. Türkmen metbugaty soňky 20 ýyldan gowrak döwrüň dowamynda ýer titremeler, suw joşgunlary, sil we ýagyn barada habar bermän gelýär.

Diňe şu ýylyň maý aýyndan bäri Türkmenistanda tebigy hadysalaryň ençemesi boldy, güýçli ýagyn zerarly paýtagtyň merkezini suw aldy, yzýany dagdan sil geldi, ýurduň birnäçe regionlarynda duzly tupan turup, ekin meýdanlaryny duz örtdi, duzly şemal Aşgabada-da ýetdi, şu tomus adatdakysyndan has yssy bolup, howa 50 gradusdan esli aşdy.

Awgustyň birinji ýarymynda Türkmenistanyň demirgazyk welaýatynda turan güýçli ýel Daşoguzda ýokary woltly tok geçirijileriň we elektrik geçirijileriniň sütünlerini gopardy. 

Bu tebigy ýagdaýlaryň hiç biri türkmen häkimiýetleri we döwlet media serişdeleri tarapyndan agzalmady, ilaty habardar etmek üçin duýduryşlar we düşündirişler berilmedi.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Дирижёр из России победил на конкурсе в Греции

Творческие коллективы ИРНИТУ «Этнобит» и «Калина» – лауреаты «Российской студенческой весны» в Саратове

Посол РФ заявил о желании ЦАР продолжить поставки российского зерна

Изменения в проведении земляных работ поможет сэкономить стройбизнесу Москвы

Музыкальные новости

Два дня, наполненных театром, музыкой, книгами и наукой, — в Парке Горького во 2-й раз прошел Московский детский фестиваль искусств «НЕБО»

«Деревенский вайб»: Бородина показала, как доит корову

Работник СЛД «Чита» филиала «Забайкальский» ООО «ЛокоТех-Сервис» принял участие в экологической акции по очистке берега и дна озера Кенон

На телеканале «Культура» рассказали о предстоящей премьере оперы «Борис Годунов»

Новости России

Дирижёр из России победил на конкурсе в Греции

Конкурс прогнозов F1.D3.RU. Гран При Канады (девятый этап)

Наследство Анастасии Заворотнюк: кому достанется многомиллионное имущество

Посол РФ заявил о желании ЦАР продолжить поставки российского зерна

Экология в России и мире

Chanel Resort 2025

Добрые рисунки: «585*ЗОЛОТОЙ» запустила конкурс ко Дню защиты детей

Студия Звукозаписи в Москве. Создание Песен, Музыки, Аранжировок.

Скидки на звуковые щетки и зубную пасту для детей от компании "Ревилайн" до 6 июня 2024 года

Спорт в России и мире

Осталась в одиночестве: Андреева победила Грачёву и вышла в четвертьфинал «Ролан Гаррос», Медведева остановил де Минор

17-летний россиянин Даниил Саркисян разгромил Форбса из США на юниорском «Ролан Гаррос»

После поражения де Минору россиянин Медведев завершает выступление в престижном теннисном турнире

Ига Свёнтек одержала 40 побед над теннисистками из топ-10 рейтинга WTA

Moscow.media

Завершен пятый этап надвижки моста через Каму

Водитель "Лифана" погибла после аварии с фурой

RooX UIDM защитит от перехвата токенов

Студенты Академии Игоря Крутого раскрыли свои таланты







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *