Täjigistanyň Gümrük gullugynyň resmisi hüjümden soň agyr ýagdaýda
Täjigistanyň Gümrük gullugynyň baş metbugat wekili bu wezipä bellenmeginden birnäçe gün geçensoň sezewar bolan hüjüm zerarly aradan çykdy diýip, AÝ/AR-nyň Täjik gullugy habar berýär.
Munuň öňüsyrasynda resminiň maşgala agzalary we lukmanlar onuň agyr ýagdaýda galýandygyny habar beripdi.
Fakhriddin Sobirowyň maşgalasynyň 14-nji oktýabrda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, şahsyýeti anyklanmadyk hüjümçiler ony kellesine urup, şäheriň merkezinde huşsuz taşlap gidipdir.
Duşenbäniň Milli medisina merkeziniň lukmany Mahmud Hasanowyň AÝ/AR-na aýtmagyna görä, Sobirow dört sagatlyk operasiýany geçiripdir we "iňňän agyr ýagdaýda bolupdyr".
Duşenbäniň Şohmansur etrabynyň polisiýa departamentinde bu hüjümiň derňelýändigini habar berdiler. Ýurduň Içeri işler ministrligi bu hadysa barada beýanat ýaýratmady.