Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Tramp Putiniň adam öldürilmegine 'belki' gatnaşygynyň bardygyny aýtdy

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň adamlaryň janyna kast edişliklere gatnaşygynyň "belki" bardygyny aýtdy we Orsýetiň ABŞ-nyň syýasatyna goşulyşmagy baradaky sözlerini gaýtalady.


Şeýle-de, Tramp ABŞ-nyň goranmak sekretary James Mattisiň wezipesinden çekilip-çekilmezlik planlaryndan özüniň habarsyzdygyny aýtdy, emma "demokrat görnüşli" dört ýyldyzly general wezipesinden çekilmeli diýip pikir edýändigini belledi.


Trampyň bu çykyşy CBS telewideniýesiniň öňünden ýazgy edilen "60 minut" atly gepleşiginde 14-nji oktýabrda görkezildi.


Giň göwrümli bu diskussiýa Demirgazyk Koreýa, ABŞ-nyň tupanlara garşy tagallalary, Saud Arabystanynyň žurnalistiniň Türkiýede ýitirim bolmagy we howanyň üýtgemegi ýaly meseleleri öz içine aldy.


CBS telewideniýesiniň alyp baryjysy Lesley Stahl Putiniň öz tankytçylarynyň öldürilmegine gatnaşygy barada öňe sürülýän aýyplamalar barada Trampyň pikirini soranda, Tramp "Belki-de, ol şeýledir, hawa. Belki" diýip, jogap berdi.


Tramp Putiniň gatnaşan bolmagyny çak edip agzan adam öldürmelerini anyklaşdyrmady. Soňky ýyllarda Orsýetiň lideriniň ençeme tankytçysy zäherlenipdi ýa-da gümürtik şertlerde aradan çykypdy. Moskwa ähli aýyplamalary ret edýär.


Tramp Orsýetiň ABŞ-nyň syýasy sistemasyna goşulmagy barada berlen sowala jogap berip, Moskwanyň goşulýandygyna özüniň ynanýandygyny aýtdy, emma "Hytaý hem goşulyşýar" diýip sözüniň üstüne goşdy. 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *