Ermenistanyň premýer-ministri Paşiniýan wezipesinden çekildi
Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşiniýan ýurtda irki saýlawlaryň geçirilmegi üçin, öz wezipesinden çekilýändigini yglan etdi.
Paşiniýan bu barada sişenbe güni giçlik telewideniýede çykyş edip, öz kararyny “ähli häkimiýeti halkyň eline geçirmek üçin gerekdigi” bilen düşündirdi.
Geçen aý Paşiniýanyň blogy Ýerewanyň häkimi ugrundaky saýlawlarda ynamly ýeňiş gazanandan soň, ol irki parlament saýlawlarynyň hem geçirilmelidigini öňe sürüpdi.
Paşiniýan maý aýynda, hepdeläp dowam eden köçe protestlerinden soň, häkimiýet başyna geçipdi.
Ermenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, irki saýlawlar premýer-ministr wezipesinden çekilen, şeýle-de parlamentiň iki hepdäniň dowamynda onuň ornuna adam tapmadyk ýagdaýynda, 45 günüň içinde geçirilmeli.