Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

'Bogma güjügi!': Aşgabatda sergezdan itleri tutmak çäresi dowam etdirilýär. WIDEO

Azatlyk Radiosyna Aşgabatdan gowşan iki wideo ýazgyda paýtagtda öýsüz itleri tutmak boýunça amala aşyrylýan çäreleriň geçirilişi görkezilýär. 


16-njy oktýabrda redaksiýa gowşan wideolaryň birinjisi oktýabryň başynda Aşgabadyň köçeleriniň birinde düşürildi, onda gyzgylt reňkli ýörite awtoulagyň içine salnan itleriň ses edişi eşidilýär. Ikinji wideo sentýabryň başynda Aşgabadyň köpgatly ýaşaýyş jaýlaryň birinde düşürlipdir. Ýerli ýaşaýjylar şäher edaralaryň işgärleriniň güjügi tutup äkidişini we bu ýagdaýa tötänden şaýat bolan adamlaryň nägileligini ýazga alypdyr.


Wideoda güjügi sim bilen bogup, süýräp jaýyň ýokarky gatyndan aşak äkidýärler we soňunda ýörite awtoulagyň içine zyňýarlar.   




  


Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň we haýwanlary goraýjy aktiwistleriň aýtmagyna görä, Türkmenistanda öýsüz it-piikleri tutmak işi köplenç zorlukly geçýär.  


Itleriň köpçüligiň öňünde taýaklanýan, demir bilen urulýan we sim bilen bogulýan halatlary seýrek däl. Itleri tutmak işi munuň üçin döredilen ýörite edaranyň, şeýle öý hojalyk edaralaryň işgärleri tarapyndan berjaý edilýär.    




Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň it-pişikleri köçeden ýygnamak işlere gatnaşýan öý hojalyk edarasynyň işgärine salgylanyp, 16-njy oktýabrda habar bermegine görä, şu günler öýsüz itleri ýygnamak boýunça çäreler şäher häkimiýetleriniň Aşgabatda 1-10 noýabr aralygynda geçiriljek agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk görmegi bilen bagly.


"Meniň özüm düýn Azatlyk etrabynyň (häzirki ady Berkararlyk-red.) köçe süpürijisi bilen söhbetdeş boldum, ony hem beýlekiler bilen bir hatarda etrabymyzy dünýä çempionaty üçin arassalamaga ugradypdyrlar. Ol günde bir pişik tutup getirmek boýunça norma barda gürrüň berdi, bärde it eýýäm galmady diýen ýaly. Ýüz öwürseň, işden kowýarlar" diýip, Azatlygyň habarçysy 16-njy oktýabrda habar berdi.     


Tomsuň aýagynda Aşgabatda jemagat hojalygy gulluklarynyň işgärlerinden her aýda tabşyrmaly it-pişikleriň sanyna degişli planyň bardygy habar berlipdi. Şonda Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen söhbetdeş bolan öý hojalyk edaralaryň işgärleri özlerinden talap edilen plany berjaý etmedik ýagdaýynda jerime salynýandygyny we işden kowmak haýbatynyň atylýandygyny aýdypdy.


Mundan öň ​Aşgabatda öýsüz it-pişikleri tutmak boýunça çäreler awgustyň aýagynda we sentýabryň başynda has ýaýbaňlanyp, ýurduň paýtagtynda we regionlarda Amul-Hazar halkara awtorallisine görülen uly tutumly taýýarlyklara gabar gelipdi.


Azatlyga 16-njy awgustda gowşan wideoda görkezilen ýaşaýyş jaýda tutulan güjügiň zorluk bilen äkidilişine degişli ýagdaý 11-nji sentýabrda başlanan Amul-Hazar awtorallisiniň öňüsyrasynda bolupdy. 




Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylarynyň we haýwanlary goraýjy ýerli aktiwistleriň habar berýan maglumatlary bilen bilelikde  Aşgabatda it-pişikleriň tutulmagyny paýtagtyň häkimiýetleri hem tassykladylar we muňa ýokardan tabşyrygyň bardygyny mälim etidler. 


Jemagat hojalygy müdirliginiň düzümindäki Arassalaýyş we abadanlaşdyryş birleşiginiň müdiriniň ýaşaýjylaryň 2018-nji ýylyň 28-nji awgustynda ýazan arz-şikaýatyna 5-nji sentýabrda beren resmi jogaby Azatlyk Radiosyna elýeterli boldy.   ​


 




Birleşigiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji D. Ýazlyýewiň goly bilen çap edilen resmi hatda Aşgabady "gündelik ykmanda it-pişiklerden arassalamak çäreleriniň Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasarynyň buýrugy esasynda ýerine ýetirilýändigi" habar berilýär. 


Türkmenistanda öýsüz haýwanlar babatynda ýyllarboýy geçirilýän resmi çärelerde rehimsizlige ýol berilýändigi, itleriň we pişikleriň köpçüligiň içinde, şol sanda çagalaryň gözüniň öňünde zorluk bilen tutulýandygy we öldürilýändigi barada garaşsyz habar beriş çeşmeleri we aktiwistler yzygiderli habar berýärkä, häkimiýetler we resmi habar beriş serişdeleri bu meseläni düýpden azgaman gelýärler.


Türkmen resmileri bu problema boýunça kommentariý bermekden saklanýarlar.


 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *