BMG-niň Siriýa boýunça wekili wezipesinden çekildi
Birleşen Milletler Guramasynyň Siriýa boýunça wekili eýeleýän wezipesinden çekildi.
Staffan de Mistura dört ýyldan soň bu wezipeden çekilmäge “şahsy ýagdaýlarynyň” sebäp bolandygyny aýtdy.
Ol uruşda prezident Başar al-Assadyň öňe gidişliklerine garamazdan, uzak möhletleýin parahatçylygyň diňe BMG-niň howandarlygyndaky parahatçylyk ylalaşygyna goşulan ýagdaýynda mümkin boljakdygyny belledi.
“Esasy zat parahatçylygyň üpjün edilmegidir. Munuň tersine, territoriýa ele geçiriler, emma parahatçylyk bolmaz” diýip, Staffan de Mistura nygtady.
BMG-niň Staffan de Misturadan ozalky araçylary, ýagny BMG-niň öňi baş sekretary Kofi Annan we alžirly baýry diplomat Lakhdar Brahimi hem bu wezipelerden çekilipdiler.