Saud Arabystany Stambuldaky konsulhanasynda žurnalistiň öldürilendigini boýun aldy
Habar serişdelerinde, resmilere salgylanyp, žurnalistiň ölümi bilen baglylykda “Patyşalygyň düýpli gynanç bildirýändigi” aýdyldy.
Khaşoggi 2-nji oktýabrda özüniň durmuş toýy üçin käbir dokumentleri almaga konsulhana gireninden soň hiç görünmändi.
Saud derňewçileriniň deslapky maglumatyna görä, “[Khaşoggi] bilen Stambul konsulhanasynyň işgärleriniň arasynda dawa ýüze çykyp, soňy bilen-de onuň ölümine getiren ýakalaşyk döräpdir”.
Prokurorlar derňewiň dowam edýändigini we bu waka bilen ilteşikli häzire çenli 18 adamyň tussag edilendigini aýtdylar diýip, saud habar serişdeleri maglumat berdiler.
Saudlaryň jemgyýetçilik prokurory bu waka boýunça patyşa sudunyň maslahatçysynyň we aňtaw başlygynyň orunbasarynyň wezipelerinden çetleşdirilendigini mälim etdi.