Gresiýaly ýolagçy uçar 12 ýyldan soň Skopýa gondy
Soňky 12 ýylyň içinde ilkinji gezek Gresiýa bilen Makedoniýanyň arasynda ýolagçy uçar gatnawy amala aşyryldy. Iki goňşy döwletiň arasynda ozalky Ýugoslawiýa respublikasynyň at meselesi bilen baglylykda onlarça ýyl bäri dawa dowam edip gelýärdi. Soňky özgerilişikler bu ugurda öňegidişlikleriň bardygyna çalym etdi.
Afinadan Skopýa uçan uçaryň bortunda Makedoniýanyň premýer-ministriniň orunbasary Bujar Osmani hem bardy. Ol täze ýolagçy uçar gatnawynyň “regiondaky täze strategiki hyzmatdaşlygy alamatlandyrýandygyny” aýtdy.
Iýun aýynda Makedoniýanyň we Gresiýanyň hökümetleri ylalaşyga gelip, eger ýurt öz adyny Demirgazyk Makedoniýa üýtgetse, Afinanyň bu öňki Ýugoslawiýa respublikasynyň NATO we ÝB agza bolmagyna öz garşylygyny ýatyrmagyna razy boldular.
Afina-Skopýe arasyndaky täze ýolagçy uçar gatnawy hepdede iki gezek, Gresiýanyň Aegean Howaýollary tarapyndan amala aşyrylar.
Bu uçar reýsleri 2003-2006-njy ýyllar aralygynda hem ýola goýulypdy. Emma, Makedoniýanyň Skopýedäki esasy aeroportyň adyny Aleksandr Beýik diýip üýtgetmegi gresiýaly milletçileriň gahar-gazabyny döredipdi.