ABŞ-nyň parahatçylyk wekili Owganystana, Pakistana, BAE, Katara sapar eder
ABŞ-nyň parahatçylyk wekili “Talyban” bilen parahatçylyk gepleşiklerini ilerletmek maksady bilen, şu aýyň dowamynda Owganystana, Pakistana, Birleşen Arap Emirliklerine we Katara sapar eder.
Döwlet departamentiniň maglumatyna görä, Zalmaý Khalilzad 8-20-nji noýabr aralygynda etjek saparynyň dowamynda owgan resmileri we “beýleki gyzyklanan taraplar” bilen gepleşikleri geçirer.
Ençeme ýylyň dowamynda ABŞ Owganystandaky 17 ýyl bäri dowam edip gelýän konflikte soň bermek üçin, “Talybany”gepleşiklere çekmek ugrunda tagalla edip gelýär. Şol bir wagtda, owgan howpsuzlyk güýçleri jeňçileriň barha ýaýbaňlandyrýan hüjümlerine garşy durmakda belli bir kynçylyklary çekmegini dowam etdirýärler.
“Talyban” jeňçileri owgan hökümetini ABŞ-nyň “güjügi” atlandyryp, göni Waşingtonyň özi bilen gepleşikleri geçirmäge meýillidigini bildiripdiler.
Prezident Donald Trampyň Owganystan boýunça ýörite maslahatçysy Khalilzad sebite geçen aý hem sapar edipdi.